Hazar döwlet goraghanasynyň biologik dürlüligi
Tutuşlygyna alanyňda Hazar deňziniň biologik dürlüligi ösümlikleriň we haýwanlaryň 1814 görnüşden ybaratdyr, deňziň bize degişli böleginde olaryň 900-den gowrak görnüşi bar we olar, biröýjükli suwotulordan başlap ýokary derejeli ösümliklere çenli we kökaýajyklylardan, foraminiferlerden, günjümeklerden sapajyklylardan (žgutiklilerden) guşlara hem süýdemdirjilere çenli 50 sany taksonomiki birliklerden ybaratdyr. Olaryň ep-esli bölegi endemiklerdir we bu babatda Hazar deňzi saýýarymyzyň (planetamyzyň) iň täsin, deňsiz-taýsyz suw ýataklarynyň biridir. Hazar döwlet goraghanasynyň (HDG) biologik dürlüligi özünde görnüşleriň has-da boldugy bilen tapawutlanýar, sebäbi onuň düzümine diňe bir deňziň suw giňişlikleri däl-de, eýsem çäginde ösümlikleriň hem ýerüsti haýwanlaryň baý toparlary mesgen tutan käbir süýji suw ýataklary we gury ýeriň ep-esli meýdanlary hem girýär. Agzalan toparlaryň görnüş düzümi hem dürli-dürli we olaryň ençemesi wajyp biologik resurslardyr. Goraghananyň oňurgaly haýwanlarynyň iň köp sanlysy 19 otrýada degişli bolan, 311 görnüşden ybarat guşlar klasydyr. Deňziň bize degişli bolan böleginiň kenarlarynda dünýäde iň möhümleriniň biri hasaplanylýan Merkezi-Aziýa we Gündogar-Aziýa göçüş ýollary birigýärler. HDG-niň meýdanynyň Lastaýaklylar otrýadynyň ýeke-täk wekili, endemik, kaspi düwleniniň (Phoca caspica) ýaşamagy üçin uly ähmiýeti bar. HDG-niň biodürlüligi: oňurgaly haýwanlar-429g.ş; balyklar-48g.ş; ýerde-suwda ýaşaýanlar-2g.ş; süýrenjiler-26g.ş; süýdemdirjiler-42g.ş. olaryň birnäçesi Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen. Goraghanada ösümlikleriň 660 görnüşi, şol sanda pes derejeli ösümlikleriň (kömelekler, mohlar, lişaýnikler) 30-a golaý görnüşi we 9 sany sebit endemiklerini hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen 5 görnüş hem goşanynda, gülli ösümlikleriň 528 görnüşi bar. Goraghananyň ýalpak suwly kenarýaka zolagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi, biomassasy ýüzlerçe müň tonna ýetýän baý iýmit binýadyny üpjün edýär we uçup geçýän we gyşlaýan suw-batgalyk hem suwda ýüzýän guşlaryň köp mukdaryny Hazar goraghanasyna çekýär. Şu günki günlerde HDG-niň diýseň ba biodürliligini aýap saklamak üçin, ilatyň aýry-aýry toparlary bilen bilelikde ýa-da olaryň gatnaşmagyna tebigy baýlyklary peýdalanmaga alternatiw çemeleşilmegini üpjün etmek maksady bilen şol baýlyklary dolandyrmagyň täze şekilleriniň döredilmegi zerurdyr. Seýrek we endemik haýwanlaryň ýaşaýan mesgenlerini guramaçylykly syýahatlaryň, ýörişleriň geçirilmegi, ýerli jemgyýet toparlaryna-soobşestwolara ol haýwanlary promysel üçin ulanylandakydan has köp girdeji berip biler. Biodürliligiň köp obýekteleriniň (haýwanlarynyň we ösümlikleriň) gözellik babatdaky gymmaty, olaryň iýmit hökmündäki bazar nyrhyndan has ýokarydyr.
Muhadowa Araztäç
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy