dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň sentýabr aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berdi.

Neşiriň täze sanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri öz beýanyny tapýar. Däp bolşy ýaly, neşirde ylym we tehnika täzelikleri hem paýlaşylypdyr.

Žurnalyň sahypalarynda ýurduň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň şu ýylda ýeňijisi bolan ýaş alymlaryň birnäçesiniň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.

Neşiriň ahyrky sahypalarynda bolsa aýlyk täleýnama, şeýle-de tagamly işdäaçaryň taýýarlanyş usullary barada maglumat berlipdir. Elektron neşiriň täze sany «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenilýär.