dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýurdumyzda türkmen daýhanlarynyň zähmet şaýady bolan Hasyl toýy bellenilip geçildi

Geçen hepdäniň ýegşenbe güni ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilip geçildi.  Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.  “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl toýunyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary “ak altyn”, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýylyň başyndan bäri obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Gök önümleri öndürmek boýunça meýilnama 118 göterim, bakja ekinleri boýunça 110,1 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, obadyr şäherlerinde hem dabaraly duşuşyklar, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak çäreleri, konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.