dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadag bu ýerde iş maslahatyny hem geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer däplerine eýerip, häzirki wagtda täze desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan degişli ylalaşyk işleri barada hasabat berdi.

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýew häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde ylmy-barlag we okuw merkezini döretmek, häzirki zaman dispetçer ulgamyny esaslandyrmak, gelip gowuşýan maglumatlary netijeli öwrenmek, Arkadag şäheriniň ilatynyň saglyk ýagdaýy baradaky elektron maglumatlary jemlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň üstünlikli amala aşyrylmalydygyny, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Iş maslahatynyň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

TDH-niň habar berşi ýaly, Gahryman Arkadag ýolugra täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän kottejler toplumynyň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda saklandy.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýollaryň yşyklandyryş ulgamy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we şäher ilatyna hyzmatlaryň ýokary derejesiniň hödürlenilmegi möhüm talap bolup durýar” diýip, Milli Lider belledi.

Soňra hormatly Arkadag şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň batly depginde dowam etdirilmegi babatda maslahatlaryny berip, bu ýerden ugrady.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar