dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we täze şäheriň ikinji tapgyrynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyk işleriniň ýagdaýy we Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşygynda ulanylýan serişdeler bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri tabşyrylan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýöriteleşdirilen desgalaryň utgaşdyrylan işini guramak barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Bellenilişi ýaly, täze şäheriň çäginde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine uly üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde, gurluşyk serişdeleriniň hili, olaryň berkligi bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanýar.
Gahryman Arkadag görkezilen taslamalar we “Ahalteke atlar” şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek heýkeller we duralgalaryň görnüşleri baradaky meýilnamalar bilen jikme-jik tanşyp, bu ugurda birnäçe maslahatlary berdi. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäheriniň derejesini göz öňünde tutup, heýkelleriň we beýleki desgalaryň gözelligi, ykjamlygy möhüm talaplar hökmünde kesgitlenildi.

“Ahalteke atlar” şaýolunyň we onuň ugrundaky pyýada geçelgeleriniň gurluşygy barada durup geçen türkmen halkynyň Milli Lideri halkyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň heýkelleriniň ýol ugrunda ýerleşdirilişiniň döwrüň ruhuna laýyk bolmagyna we berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow "Ahalteke atlar" şaýolunyň ugrunda pyýada geçelgeleriniň, welosiped ýodalarynyň häzirki döwrüň talaplaryna we görkezijilerine laýyk gelmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem şaýoluň ugrunda welosiped sürýänleriň duralgasynyň amatlylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidigi aýdyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurdaky işleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.