dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, bu ýoluň gadymy döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşdäki nusgasyna öwrüljekdigini  nygtady. Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolup, onuň Mary — Türkmenabat bölegi 288 kilometrdir. Bu ýol bölegi «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Ýoluň ugry Mary şäherinden başlap, Ýolöten we Türkmengala ýaly ilatly nokatlaryň golaýyndan geçýär hem-de demirgazyk-gündogar ugry boýunça Türkmenabat şäherine çenli uzalýar. Taslamanyň çäginde jemi 3 sany iri köpri guruldy. Ýoluň umumy galyňlygy 4 – 6 metr aralygyndadyr. Onuň ugrunda jemi 3 sany tehniki hyzmat ediş nokady, 5 sany ýangyç guýujy beket, 583-nji kilometrde uly töleg terminaly, 353-nji kilometrde kiçi töleg terminaly hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda oba hojalyk tehnikalaryny we mallary geçirmek üçin niýetlenilen geçelgeler göz öňünde tutulan. 234 sany wideogözegçilik bolsa ýokary tizlikli gara ýoly gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Ýolda 144 sany telefon ulgamy ýerleşdirilip, zerur ýagdaýda hyzmat ediji topar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Ýokary tizlikli ýoluň giňişligi jemi 34,5 metr bolup, iki taraplaýyn ýoluň hereket böleginiň ini 22,5 metre deňdir. Ýoluň hereket howpsuzlygy üçin demir barýerler we ýabany haýwanlaryň päsgelçiliginiň öňüni almak üçin ulag germewleri çekilendir. Ýolagçylar üçin döredilen awtoduralgalar, myhmanhana döwrebap hyzmatlar hödürlenilýän kafeteriýalar, söwda we iýmit nokatlary göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesine gönükdirilen tutumly işleriň mynasyp dowamyna öwrülen taryhy wakadyr.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Okt 27 2026
TDU-da Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, şahyryň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen hem-de ýazyjynyň «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew barada «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda goýlan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy, onuň eserleriniň golýazmalary hakynda çykyşlar bolup, «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde köp ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk wezipesinde işlän, tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligi hatyralanyp ýatlanylyp geçildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan «Gün hakynda ballada» ady bilen çeper okaýyş görkezildi. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçysy tarapyndan «Şükür bagşy» filminden ajaýyp mukam ýerine ýetirildi.

Card image cap
Okt 23 2026
«Türkmennebit» Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde maýadarlar üçin şertleri mälim etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni daşary ýurt kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge gatnaşmagynyň şertleri barada maglumat berdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatda we sergide konserniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň milli bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurduň nebit pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu kanun nebit işlerini geçirmekde we önümi paýlaşmak hakynda şertnamalary baglaşmakda daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnama meýdançasyna bölünýär. Gyzyklanma bildirýän maýadar bir ýa-da birnäçe meýdança boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi ýüz tutup biler. Ýüz tutma seredilenden soň, konserniň hünärmenleri kompaniýanyň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklasalar, ol saýlanan meýdança boýunça göni, eksklýuziw häsiýete eýe bolmadyk gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda taraplar önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan başga bir şertnama baglaşýarlar. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga-da, kanun roýalti we salgyt tölemek şertleri bilen konsessiýa şertnamasyny, bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnamany, şeýle hem töwekgelçilikli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berýär. Batyr Jumaýewiň düşündirmegine görä, kanunçylyk bu şertnamalaryň dürli görnüşlerini utgaşdyrmaga, şeýle-de halkara tejribesinde ulanylýan beýleki şertnamalardan peýdalanmaga ýol açýar. Ol maýadarlar üçin döredilen birnäçe kepilliklere aýratyn ünsi çekdi. «Ilki bilen, bu diňe bir görnüşli salgydy — peýda salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin iki-üç görnüşli tölegi göz öňünde tutýan ýönekeýleşdirilen ýeňillikli salgyt ulgamydyr» — diýip, konserniň başlygynyň orunbasary belledi. Şunda maýadarlar beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar. Nebit işlerini geçirmek üçin getirilýän we daşary çykarylýan harytlaryň, materiallaryň hem-de enjamlaryň üpjünçiligi boýunça baglaşylýan şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige aldyrmak talap edilmeýär. Potratçy enjamlar we materiallar import edilende ýa-da eksport edilende alynýan gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan, şol sanda öz paýyna düşýän gazylyp alnan uglewodorodlaryň möçberine degişli paçlardan boşadylýar. Bu ýeňillikler kömekçi potratçylara hem degişlidir. Mundan başga-da, maýadar uglewodorodlaryň öz paýyna düşýän bölegine erkin ygtyýar edip biler. Şol sanda nebiti goşmaça salgytlar, ygtyýarnamalar we rugsatnamalar bolmazdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemäge hem hukugy bardyr. Batyr Jumaýewiň habar bermegine görä, deňiz ýalpaklygynda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaryň çäklerinde konsern «Dragon Oil», «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynda 19-njy we 20-nji bloklar boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «Türkmennebit» döwlet konserni, Malaýziýanyň «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy tarapyndan gol çekilip baglaşyldy. Mundan başga-da, «Petronas Carigali» bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, geologiýa-gözleg işleri başlandy. Häzirki wagtda 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda iki ölçegli (2D) seýsmiki barlaglar geçirilýär. Çykyş edýäniň sözlerine görä, bu ädimler Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna ygrarlydygyny we ýurduň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini tassyklaýar. Çykyşynyň ahyrynda Batyr Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen «deňhukuklylyk we özara bähbitlilik şertlerinde» gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.