dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin suw serişdelerine elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin suwa, suw serişdelerine we deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda eden çykyşynda aýtdy. «Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Onuň sözlerine görä, Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamyň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli we maksatly işleri alyp barjakdygyny nygtady. «Bu işde giň halkara goldawyna umyt edýäris» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Milli Lider Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýandygyny hem aýtdy. Ýurduň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini goramak boýunça rezolýusiýalaryna esaslanyp, Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn tagallalaryny birleşdirmäge we BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da UNIDO bilen amaly işleri netijeli utgaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam berer. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe wajyp ugurlar boýunça kabul edilen Kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam etdirer.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 01 2026
Bilim röwşen gelejegiň açary.

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de "Bilimler we talyp ýaşlar güni" mynasybetli dabaraly nyzam boldy. Dabaranyň resmi bölegi mekdebiň meýdançasynda talyplaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda guralan dabaraly nyzam bilen başlandy. Çärede ýurt Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle ylym-bilim bermek, deňiz ulaglary pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri aýratyn bellenip geçildi. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.H.Şanazarow, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ýa.A.Myratgylyjow, mekdebiň ýolbaşçylary we tejribeli mugallymlary çykyş edip, talyplary täze okuw ýyly bilen gutladylar we okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda mekdebiň işjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly we şahyrana çykyşlar guraldy. Ýaşlar öz çykyşlarynda Watana bolan söýgini, ylym-bilime bolan höwesi hem-de saýlap alan deňizçilik hünärine bolan wepalalygyny dabaraly wasp etdiler. Täze okuw ýylyna gadam basan 1-nji ýyl talyplary hem öz gezeginde gyzgalaňly çykyş edip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişjekdiklerine kasam etdiler. Dabaraly nyzam tamamlanandan soň, talyplar täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sagatlaryna girişdiler.

Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.