dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili içerki uçuşlary kabul edip başlady

19-njy maýdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ-i tarapyndan Balkanabatdaky täze howa menziline yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy. Awiakompaniýa şu seneden ýurduň ähli sebitlerinde ilata degişli gatnaw hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady. Bu barada Türkmenhowaýollarynyň resmi saýty habar berýär.

19-njy maýdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine ähli uçuşlary ýatyrdy. Has takygy, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat, Mary — Türkmenbaşy — Mary we Daşaguz — Türkmenbaşy — Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlar wagtlaýyn ýatyryldy.

Bu ugrularyň deregine awiakompaniýa tarapyndan Aşgabat — Balkanabat — Aşgabat, Türkmenabat — Balkanabat — Türkmenabat, Mary — Balkanabat — Mary we Daşaguz — Balkanabat — Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlar ýerine ýetirilip başlaýar. Bu barada awiakompaniýa resmi saýtynda habar berdi.

Howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanan ilkinji ýolagçylar täze terminalyň häzirki zaman infrastrukturasyny, amatly şertlerini we ýokary hyzmat derejesini belläp, sosial ulgamlarda oňyn täsirlerini paýlaşýarlar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar