dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Halyçylygyň taryhy kökleri

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen taryhyny, milli mirasymyzy has içgin öwremeklige  uly  üns  berilýär. Türkmen halkynyň milli taryhyny içgin öwrenip, dogryçyl ýazmak bilen bir hatarda,olaryň geçmişde döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmäge, şeýle-de durmuşa ornaşdyrmaga giň ýol açyldy. Türkmen halkynyň geçmişde döreden maddy gymmatlyklarynyň arasynda türkmenleriň öý-hojalygynda ulanan senetçilik görnüşleriniň ähmiýeti uludyr. Türkmen halk amaly sungatynyň dürli görnüşleriniň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk sungatydyr.  Gahryman Arkadagymyz  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň hem özüniň işleriniň birnäçesinde bu sungat barada beýan edip geçýär.                                                           

Türkmen halylary nepisligi, hiliniň ýokarylygy, reňkleriniň arassalygy, nagyşlarynyň bolsa çuň manylylygy bilen tapawutlanýar. Şu derejä ýetmek üçin türkmen halysy, megerem müňlerçe ýyllyk ýol geçipdir. Daşary ýurtly alymlarynyň birnäçesi türkmen halylarynyň gadymylygy onuň taryhy kökleri barada öz pikirini aýtsa, ýene başga alymlar ondan gözüňi aýryp bolmaýan owadanlygy, inçeligi, nepisligi hakynda, beýleki biri nagyşlarynyň sazlaşygy dogrusynda reňkleriniň öwüşgünleri barada ýörite belläp geçýärler.

        Dürli döwürlerde Gündogara aýak basan daşary ýurtly täjirler, syýahatçylar, şalaryň köşgüni, hökümdarlaryň törüni bezeýän gyrmyzy türkmen halylaryny gözügidijilik bilen synlapdyrlar. Pereňli syýahatçy Gulibef de Blokwil şeýle ajaýyp halylaryň dokalyşynyň şaýady bolupdyr. Ol beýleki musulman halklarynyň zenanlaryna garanda, has uly hormatdan we erkinlikden peýdalanýan türkmen gelin-gyzlarynyň şeýle nepis sungaty dünýä inderişlerine haýran galypdyr.

Dokma önümçiligi Türkmenistanyň gadymy we orta asyr şäherleriniň hemmesinde alnyp barlypdyr, ýöne ýokary hilli ösen önümçiligi aýry-aýry merkezlerde jemlenipdir. Şeýle merkezler, esasan, Merwde, Nusaýda, Sarahsda, Abywertda, Köneürgençde, Amulda we Dehistanda ýerleşipdir. Şeýle-de, türkmen dokmaçylygy ýurdumyzyň çäginden daşarda, tä Magribe çenli aralykda uly şöhrata eýe bolupdyr. Türkmen halky öz taryhyny, medeniýetiniň köklerini, sungatyny ölmez-ýitmez, asyrlar boýy ýaşajak eserlere-senetçilik, keramiki önümlerine, şaý-seplere, daşdan, demirden, kümüşden, altyndan ýasalan önümlere, aly we mata önümlerine çekip, türkmen hatynyň ilkinji alamatlaryny miras goýupdyrlar.   

         Bir wagtlardaky altyn sapak bilen bejerilen we bürünç bezeg şaýlary bilen bezelen ýüpek matalaryň nusgalary Köne Nusaýyň gazuw-agtaryşlarynda-da ýüze çykaryldy. Ýüň we ýüpek matalardan başga-da, Türkmenistanda nah mata-da öndürilipdir. Egrilýän serişde hökmünde pagta Türkmenistanda gadymdan bäri belli bolupdyr. Pagtanyň watany hut Orta Aziýanyň we Eýranyň günortalary diýlip çak edilýär.

Ondan başga-da Merwden Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna matalaryň beýleki görnüşleri-de köp möçberde äkidilipdir. Mysal üçin, bir gezek Bagdada 27 müň sany geýimiň, käbir halatlarda “muslin” matasyndan we burud zolak matasyndan 1187 kişiligiň berilen gezekleri hem bolupdyr. Halyf Mamun Merwiň nah matalaryna uly baha beripdir we olardan tikilen geýimleri geýmegi halapdyr.

       XIX asyrda türkmen halylaryň söwdasy hakynda gös-göni şaýatlyk edýän maglumatlar bar. 1821-nji ýylda Horasanda bolan iňlis syýahatçysy Frezer türkmen halylaryny satmak üçin dokalyşy hakynda şeýle diýýär: “Türkmenleriň senagaty esasan halylardan ybaratdyr, olar şol halylary örän owadan önümlerden dokaýarlar we şol halylar örän gymmatly bolup, köp girdeji berýärler” diýip ýazypdyr.           

Türkmenleriň gadymy ata-babalary hasaplanýan skif taýpalaryna degişli bolan iň gadymy haly 1947-nji ýylda arheologlar tarapyndan häzirki Mongoliýa döwletiniň çäklerinde ýerleşýän gadymy Altaý ýerlerinden Pazryk depesindäki gonamçylykdan tapdylar. Ol biziň eýýamymyzdan öňki  V-IV asyrlara degişli diýlip kesgitlenilýär. Bu halyda haýwanlar we ösümlikler şekillendirilipdir.

Pazryk halysy göniburçlyk görnüşinde bolup, onuň ini 1,60 sm, boýy bolsa
2 metre barabar bolupdyr. Bu halynyň kompozision gurluşy häzirkizaman halylaryna örän meňzeşdir. Alymlar onuň Gadymy Hunlaryň döwrüne hem degişli bolandygyny öňe sürýärler.                                      

Umuman, haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly we kämil mirasydyr.
Ol nesilden-nesle geçirilip, taryhyň dürli döwürlerinde-de öz gymmatyny ýitirmän gelipdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halyçylyk sungatyna uly üns berilmegi, halyçy gelin-gyzlarymyza uly goldaw hemaýat edilmegi mundan beýläk-de halyçylyk sungatymyzyň pajarlap ösjekdigine, dünýä meşhur halylaryň dörediljekdigine güwä geçýär.   

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.