dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Özbegistanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň çäklerinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa bilen duşuşdy. Bu barada 29-njy martda «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar çagalaryň saglygyny goramak babatda hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we goldaw bermek babatynda tejribe alyşmak meselesine aýratyn üns berildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerine haýran galýandygyny, lukmançylyk edaralarynyň ýokary derejesini we olarda lukmançylyk kömegini bermek babatda innowasion çemeleşmeleriň ýola goýlandygyny belläp geçdi. Myhman özbek tarapynyň tejribe alyşmaga we çagalaryň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin berk esas bolup durýandygyny bellediler.

Şeýle-de duşuşykda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda, ýaş nesliň saglygyny berkitmekde möhüm üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.