dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji dekabrda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, bu ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, lukman Arkadag gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygynyň garamagyna täze saglygy goraýyş ulgamyna degişli toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, onuň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň uly döwrebap Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Merkez dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem bu ýerde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň howpsuzlyk derejesine möhüm ähmiýet berler. Bu ýerde onkologiýa keselleriniň döwrebap bejergilerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümlerini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabadyň demirgazygynda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, alym Arkadag bu babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine we halkara agentligiň wekilleri bilen maslahatlaryň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi täze merkeziň galyndylaryny işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn möhümdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem bu ýerde bina edilýän täze merkeziň enjamlaşdyrylmagyna şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garamalydygyny belläp, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk we ýokary derejede ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda hem-de örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we sebitde iň uly döwrebap Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, täze merkeziň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak we onuň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada hasabat berildi.