dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Watan goragçylary üçin täze desgalar açyldy

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň täze desgalar toplumy we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasyna serkerdeler hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylar gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watan goragçylarynyň gününe uly ruhubelentlik bilen barylýan günlerde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynyň açylmagy merdana Watan goragçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Toplum dolandyryş binasyny, medeniýet öýüni, lukmançylyk nokadyny, esgerler ýatakhanasyny we naharhanasyny, sport meýdançasyny öz içine alýar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Harby bölümiň täze binalar toplumynyň çäginde gurlan iki sany 2 gatly, 64 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Watan goragçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Toplumyň çäginde ýerleşýän sport meýdançasynda-da çagyryş boýunça harby gullukçylar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýurt goragyny birkemsiz alyp barmak üçin özlerini beden taýdan kämilleşdirýärler. «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan desgalaryň ýanaşyk ýerleri hem göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Täze binalar bilen tanyşlykdan soňra, harby bölümiň serkerdesine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan döwrebap awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 01 2026
Bilim röwşen gelejegiň açary.

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de "Bilimler we talyp ýaşlar güni" mynasybetli dabaraly nyzam boldy. Dabaranyň resmi bölegi mekdebiň meýdançasynda talyplaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda guralan dabaraly nyzam bilen başlandy. Çärede ýurt Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle ylym-bilim bermek, deňiz ulaglary pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri aýratyn bellenip geçildi. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.H.Şanazarow, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ýa.A.Myratgylyjow, mekdebiň ýolbaşçylary we tejribeli mugallymlary çykyş edip, talyplary täze okuw ýyly bilen gutladylar we okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda mekdebiň işjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly we şahyrana çykyşlar guraldy. Ýaşlar öz çykyşlarynda Watana bolan söýgini, ylym-bilime bolan höwesi hem-de saýlap alan deňizçilik hünärine bolan wepalalygyny dabaraly wasp etdiler. Täze okuw ýylyna gadam basan 1-nji ýyl talyplary hem öz gezeginde gyzgalaňly çykyş edip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişjekdiklerine kasam etdiler. Dabaraly nyzam tamamlanandan soň, talyplar täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sagatlaryna girişdiler.

Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.