dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Gruziýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň Gruziýanyň Ýazyjylar bileleşigi bilen bilelikde guramagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Oňa Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti akademik Roin Metreweli, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, belli ýazyjylar, şahyrlar, kompozitorlar, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Medeni çäre sylag gowşurmak dabarasy bilen başlandy. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasynyň ýaýramagyna aýratyn goşant goşandygy üçin Gruziýanyň Ýazyjylar bileleşiginiň başlygy, Şota Rustaweli adyndaky baýragyň laureaty Makwale Gonaşwilä Türkmenistanyň «Magtymuly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurdy.

Ilçi M.Gonaşwilä we Gruziýanyň Ýazyjylar bileleşigine Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra çäre Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen dowam etdi. Ilçi öz çykyşynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen eseriň ajaýyp söz ussadynyň edebi mirasyna, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyna, şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllygy mynasybetli guralan çärelere bagyşlanandygyna ünsi çekdi. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleniljekdigine we 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine aýratyn üns berildi. Ilçi bu möhüm wakalara bagyşlanan giň gerimli çäreleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň iň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.
Soňra M.Gonaşwili çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň zähmetine ýokary baha berenligi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Ol bu sylagyň gowşurylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mundan beýläk-de işjeň goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky netijeli gepleşikleri dowam etdirmegiň täsirli gurallarynyň biri hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belläp geçdi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy. Ol türkmen halkyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna, ähliumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüş maksatlaryny nazarlaýan başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweli M.Gonaşwilini ýokary sylagyň gowşurylmagy mynasybetli gyzgyn gutlady. Ol şeýle çäräniň guralandygy üçin Türkmenistanyň ilçihanasyna minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de medeni we ylmy jemgyýetçiligiň iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn ünsi çekdi.

Mundan başga-da, çäräniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny, türkmen halkynyň gadymy taryhyny açyp görkezýän medeni gymmatlyklary we amaly-haşam sungatynyň eserlerini özünde jemleýän sergi guraldy.

Gruziýaly sungat işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabaranyň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.