Şu gün Russiýanyň Leningrad oblastynda GDA-nyň resmi däl sammiti geçýär
Çarşenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Leningrad oblastynyň Sankt-Peterburg şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Igora» şypahana toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlaryny kabul eder diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine görä, duşuşykda Putin Russiýanyň 2024-nji ýylda bu guramada başlyklyk etmeginiň jemlerini jemlär, ondan soňra çärä gatnaşyjylar resmi däl görnüşde has möhüm halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. GDA-nyň ýurtlarynyň Liderleri şeýle-de geljek ýyl Moskwada geçjek Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görmek barada pikir alşarlar.
Resmi däl sammitiň jemleri boýunça resminamalara gol çekilmez diýlip, habarda bellenýär.