dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny we ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman zawodlar, fabrikler we kärhanalar yzygiderli gurulyp, olar halkara standartlaryna laýyk gelýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça öňdebaryjy tehnikalar we döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilip,ýurdumyzda ykdysady we medeni pudaklarda belent sepgitlere ýetildi we ägirt uly öňe gidişlik gazanyldy.

         Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň her bir pudagynda tehnologik ösüş we täzeleniş işi boýunça durmuşa geçirilen çäreler sanlyja ýyllarda ýurdumyzda anyk görkezijileri bolan ulgamlaýyn we maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylmagy nazarda  tutulýan üýtgeşmeleriň diňe başlangyjydyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklardaky  her bir kärhanalarynda döwrebap kämil tehnikalarynyň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda döwletiň ykdysady ösüşleriniň amala aşyrylmagynda gerek bolan islendik informasiýalary, maglumatlary işläp taýýarlamak üçin kärhananyň hünärmenleriniň awtomatlaşdyrylan iş ýerlerinde häzirki zaman kompýuterlerinde elektron resminamalaryň dolanşygyny ýola goýmak ýaly möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirmek babatda ösüşiň örän netijeli ýollaryny gözläp tapyp, ýokary bilimli ökde hünärmenleri taýýarlamakda uly tagallalar edilýär.

         Täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy Ata Watanymyzyň döwlet edaralaryny ösen ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň möhüm düzüm bölegi bolup durýan sanlylaşdyrmak netijesinde, önümçiligiň durnukly ösmeginiň,bäsleşige ukyplylygyň we ilatyň ýaşaýyň derejesiniň ýokarlanmagynyň esasyna öwrülip, ol ugurda dünýä tejribesine we meýillerine laýyk gelýän täze bilim edaralarynyň peýda bolmagy bilen zähmet hünärleriniň bazarlarynda isleg bildirilýän häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.