dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan we Özbegistan «Awaza-Horezm» syýahatçylyk hyzmatdaşlygy maksatnamasyny işläp düzmekçi

Türkmenistan we Özbegistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligine garaýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç Hywa şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisinde beýan edildi. Hywa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi.

Çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu hyzmatdaşlyk maksatnamasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary ýola goýmagy maksat edinýär.

Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Huseýn Ybrahim Taha, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Husraw Noziri, Bilim, Ylym we Medeniýet Yslam Guramasynyň baş müdiri Salim al-Malik, YHG-a agza ýurtlaryň 57-siniň syýahatçylyk ministrleri we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

YHG-nyň syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisi «Syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşi» temasyndan geçirildi. Mejlisde zyýarat, lukmançylyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge gönükdirilen rezolýusiýalar kabul edildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 04 2025
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu dabaraly çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri we beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar.«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaraly çäreler Arkadag şäherindäki «Akhan» binasynyň ýanynda başlandy. Ilki bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, köp sanly dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de bu ýerden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atly topary bilen bilelikde atly ýörişli Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.