dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmen kompaniýalary Kuala-Lumpurda geçiriljek halal önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmenistanyň kompaniýalary Kuala-Lumpur şäherinde 2024-nji ýylyň 17-20-nji sentýabrynda geçiriljek Malaýziýanyň halal önümleriniň 20-nji halkara sergisine (МІНАЅ) baryp görmäge we gatnaşmaga çagyrylýar.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, sergide halal önümler we hyzmatlar, şol sanda azyk önümleri, içgiler, derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, maliýe, “ýaşyl” tehnologiýalar hem-de musulmanlara niýetlenilen syýahatçylyk hyzmatlary bilen tanyşdyrylar.

MIHAS-yň çäklerinde işewürlik gatnaşyklary boýunça duşuşyklary, satuwy we satyn alşy ilerletmek üçin bilimleri artdyrmak boýunça mejlisleri hem-de gatnaşyjylara we sergini görmäge gelýän myhmanlara ulgamlaýyn mümkinçilikleri tanyşdyrýan çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Malaýziýanyň Daşary söwdany ösdürmek korporasiýasy (MATRADE) we Malaýziýanyň Söwdany goldamak boýunça milli agentligi MIHAS-yň 20-nji maslahaty bilen birlikde Üpjün edijileri gözlemegiň halkara maksatnamasyny (INSP) guraýar.

Halkara satyn alyjylar we Malaýziýanyň eksport edijileri bilen geçiriljek bu duşuşyklar adaty we sanly ulgam görnüşlerinde guralar.

Malaýziýanyň halal önümleriniň 20-nji halkara sergisine önüm öndüriji we hyzmat beriji kompaniýalaryň 1400-siniň, INSP-niň satyn alyjylarynyň 460-synyň we 45 ýurtdan 40 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Üpjün edijileri gözlemegiň halkara maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň kompaniýalary Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň telefon belgileri we elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilerler.

Telefon belgileri:

+993 12 468421

+993 12 468422

Elektron salgy: mwashgabat@kln.gov.my

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Okt 27 2026
TDU-da Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, şahyryň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen hem-de ýazyjynyň «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew barada «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda goýlan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy, onuň eserleriniň golýazmalary hakynda çykyşlar bolup, «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde köp ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk wezipesinde işlän, tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligi hatyralanyp ýatlanylyp geçildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan «Gün hakynda ballada» ady bilen çeper okaýyş görkezildi. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçysy tarapyndan «Şükür bagşy» filminden ajaýyp mukam ýerine ýetirildi.

Card image cap
Okt 23 2026
«Türkmennebit» Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde maýadarlar üçin şertleri mälim etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni daşary ýurt kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge gatnaşmagynyň şertleri barada maglumat berdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatda we sergide konserniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň milli bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurduň nebit pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu kanun nebit işlerini geçirmekde we önümi paýlaşmak hakynda şertnamalary baglaşmakda daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnama meýdançasyna bölünýär. Gyzyklanma bildirýän maýadar bir ýa-da birnäçe meýdança boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi ýüz tutup biler. Ýüz tutma seredilenden soň, konserniň hünärmenleri kompaniýanyň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklasalar, ol saýlanan meýdança boýunça göni, eksklýuziw häsiýete eýe bolmadyk gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda taraplar önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan başga bir şertnama baglaşýarlar. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga-da, kanun roýalti we salgyt tölemek şertleri bilen konsessiýa şertnamasyny, bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnamany, şeýle hem töwekgelçilikli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berýär. Batyr Jumaýewiň düşündirmegine görä, kanunçylyk bu şertnamalaryň dürli görnüşlerini utgaşdyrmaga, şeýle-de halkara tejribesinde ulanylýan beýleki şertnamalardan peýdalanmaga ýol açýar. Ol maýadarlar üçin döredilen birnäçe kepilliklere aýratyn ünsi çekdi. «Ilki bilen, bu diňe bir görnüşli salgydy — peýda salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin iki-üç görnüşli tölegi göz öňünde tutýan ýönekeýleşdirilen ýeňillikli salgyt ulgamydyr» — diýip, konserniň başlygynyň orunbasary belledi. Şunda maýadarlar beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar. Nebit işlerini geçirmek üçin getirilýän we daşary çykarylýan harytlaryň, materiallaryň hem-de enjamlaryň üpjünçiligi boýunça baglaşylýan şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige aldyrmak talap edilmeýär. Potratçy enjamlar we materiallar import edilende ýa-da eksport edilende alynýan gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan, şol sanda öz paýyna düşýän gazylyp alnan uglewodorodlaryň möçberine degişli paçlardan boşadylýar. Bu ýeňillikler kömekçi potratçylara hem degişlidir. Mundan başga-da, maýadar uglewodorodlaryň öz paýyna düşýän bölegine erkin ygtyýar edip biler. Şol sanda nebiti goşmaça salgytlar, ygtyýarnamalar we rugsatnamalar bolmazdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemäge hem hukugy bardyr. Batyr Jumaýewiň habar bermegine görä, deňiz ýalpaklygynda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaryň çäklerinde konsern «Dragon Oil», «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynda 19-njy we 20-nji bloklar boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «Türkmennebit» döwlet konserni, Malaýziýanyň «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy tarapyndan gol çekilip baglaşyldy. Mundan başga-da, «Petronas Carigali» bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, geologiýa-gözleg işleri başlandy. Häzirki wagtda 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda iki ölçegli (2D) seýsmiki barlaglar geçirilýär. Çykyş edýäniň sözlerine görä, bu ädimler Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna ygrarlydygyny we ýurduň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini tassyklaýar. Çykyşynyň ahyrynda Batyr Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen «deňhukuklylyk we özara bähbitlilik şertlerinde» gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.