dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ynsan ýaşaýşynyň özeni

             Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

             Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir. Ene göwresinden başlap, halal we arassa iytmitlenmek çaganyň geljekki durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Bu barada Muhammet pygamber hem: «Iýýän we içýän zatlaryňyz halal, tämiz bolsun. Çagalaryňyz bulardan hasyl bolar (emele geler)» diýip ündäpdir.

             Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. «Adam üçin durmuşda iň uly we iň esasy baýlyk näme?» diýlip soralanda, hemmämiziň «Saglyk» diýip jogap berjegimiz gümansyzdyr. Çünki, beden taýdan sagdyn bolmak sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy bolup durýar. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk derejä ýetdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, iýmit zäherlenmeleriniň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini açyp görkezmek, adamlaryň öz saglyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary düşündirmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň bu işleriň esasy özeni bolup durýandygyny bellemek gerek.«Biz geljekde hem aýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bagly işleri giň gerim bilen alyp bararys» diýip nygtaýan hem-de bu sözleriniň ajaýyp durmuş hakykaty bolmagyny gazanýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Aýsyluw Atagurbanowa

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.