dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Terbiýe mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri il-ýurduň, halkyň geljegi üçin alada eden şahsyýetleriň sarpalanýan ajaýyp zamanasydyr. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, täze ruh bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňüllerine joşgun berýär. Çünki beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň hem ýaş nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar.”diýip belleýär.Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri tutuş ynsanyýet üçin görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. ”Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragy özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Taýýarlan: mugallym Arbadowa D.M.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.