dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
“Halkyň Arkadagly zamanasy”

       Türkmenistan häzirki zaman dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny üpjün etmek, ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri berkitmek babatda paýhasly we öňdengörüjilikli ýoldan ynamly öňe barýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen     2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi halkymyzyň Milli Liderimize çäksiz hormaty, buýsanjy we ynamy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bagtyýar durmuş, abadan ýaşaýyş, röwşen geljek barada dynuwsyz alada edýän Arkadag Prezidentimize bimöçber hoşallygyň hem alamatydyr.

        Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halky ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmyşynda bolup geçyän guwandyryjy taryhy wakalary, syýasatda, ylymda-bilimde we medeni durmuş ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikleri Arkadag Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar.

        Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak halkymyzyň göwün isleginden çykýan däbe öwrüldi. Bu däp halkymyzda dost-doganlygyň mukamy bolan Watanymyza we bagtyýarlyk döwrümize buýsanjy, joşgunly we halal zähmete yhlasy artyrýar.

        Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ägirt uly üstünlikleriniň milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylandygyny, kämil döwlet gurmakda, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda täze derejelere ýetip türkmen halkynyň öz Arkadagy bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre, täze zamana Arkadagymyzyň saýasynda gadam basýandygymyzy nygtamak gerek.

       Şeýle-de 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmaklygy nazara alyp Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar etdi we 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edildi.

       Men hem şu pursatdan peýdalanyp, Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde uly rowaçlyklara beslensin!

        Goý 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly, sizi we türkmen halkyny uly üstünliklere, özgerişlere, ösüşlere beslesin!

Oradow Atabally

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.