dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
TUGRAMYZYŇ BEZEGI

Türkmen halky asyrlar boýy behişdi bedewlerine aýratyn gadyr-hormat goýup, olary goraglap, kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, gözelligiň hem-de ýyndamlygyň nusgasy hasaplanýan bedewlerimiziň çyn muşdagy hem-de hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedewiniň şan-şöhraty belende göterildi. Öz döwründe gözellikde, ýyndamlykda taý tapylmadyk, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň şekliniň ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezemeginiň özem behişdi bedewleriň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän belent ornuny başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajakdygynyň güwäsidir. Ahalteke bedewi 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda nusgalyk derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň hem esasy nyşany bolupdy.

Arkadag prezidentimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk sport toplumynyň gurulmagy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan bellenmegi şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke atlarynyň Ýer ýüzündäki at-owazasynyň has-da belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilen üstümizdäki ýylda bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenip geçiler. Goşa baýram mynasybetli dürli çäreler: bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary, sergiler bir-birine ulaşar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarynyza goýulýan hormat-sarpanyň ýylba-ýyldan belent derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Näzbibi Nazlyýewa

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.