dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny we ähmiýeti

Adamzat durmuşynda bilim ulgamynyň wajyplygy, esasan, onuň jemgyýetiň ösüşinde tutýan orny bilen kesgitlenýär. Has takygy, bilim adamlaryň ukyplaryny, endiklerini we olaryň şahsy häsiýetlerini ösdürmäge mümkinçilik bermek bilen bir hatarda, durmuş tejribesiniň artmagyna hem itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym ulgamynda aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde tutuş dünýä ýüzünde bilime durnukly ösüşi üpjün edýän serişde hökmünde garalýar. 2015-nji ýylda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen «Biziň dünýämiziň özgerdilmegi: Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde» geljekki 15 ýyl üçin dünýä ösüşini üpjün etjek 17 sany maksatlar kesgitlenildi. Olaryň düzüminde «Hemmeleriň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek we olara bütin ömrüniň dowamynda okamaga mümkinçilik döretmek» maksadynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adam aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde tutýan möhüm orny bilen baglydyr.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmekde XXI asyra çenli
toplanan potensial dünýä ykdysadyýetinden başlap aýry-aýry hojalyk subýektlerine çenli dürli derejäniň ykdysady ulgamlarynyň hereket etmeginde bolup geçýän düýpli üýtgemeleriň sebäbi – milli we global ykdysadyýetiň ykdysady ösüşiniň möhüm guraly bolup durýar. Şolaryň täsiri astynda aýry-aýry sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, sanly ekoulgamy toplumlaýyn gurmaga geçmek bolup durýar. Dördünji senagat rewolýusiýasyna we altynjy tehnologik tertibe geçmekde onuň kesgitleýji ähmiýetiniň bolmagy sanlylaşdyrmak işine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmak köp ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň möhüm düzüm bölegi bolup durýar we şol bir wagtda önümçiligiň durnukly ösmeginiň, bäsleşige ukyplylygyň we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynyň esasyna öwrülip, ol ugurda täze bilim edaralarynyň peýda bolmagy bilen olar zähmet hünärleriniň bazarlarynda isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir hem-de bilim ulgamyny ösdürmegiň öňdebaryjy dünýä tejribesine we meýillerine laýyklykda, milli bilim ulgamynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Olar bilim almagyň elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen, diňe bir bilimiň hilini gowulandyrmaga täsir etmän, eýsem, bilim edaralarynyň pedagoglarynyň hem okatmak we hünär ussatlygynyň kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Bu bolsa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň güýçli ösýän häzirki döwründe, ilerlemeleriň belent sepgitleri, hut bilimiň we ylmyň güýji bilen gazanylýar. Hut şonuň üçin ýaşlaryň kämil ökde hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ileri tutulýan ugurlardan gelip çykýan esasy netije bolsa, halk hojalygynda zähmet çekýänleriň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly daş aralykdan maslahatlary hem-de ylymlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek we beýlekilerdir.

Bilim, ylym we innowasion önümçilik çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bu ulgamlardaky işleriň netijeliligini üpjün eder, häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

mugallymy Arbadowa D.M.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.