dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLAR

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kämilleşdirilip uly ösüşlere eýe bolan demir ýol pudagynda hem asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen      2021-nji «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda, Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, Akina-Androý beketleriniň aralygyndaky demir ýoluň, Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgunly halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Kerki şäherinden Şibirgan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi hem iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hasam pugtalanmagyna uly ýardam berer.

        Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulagamynyň uly ösüşlere eýe bolmagy hem guwandyryjy ýagdaýdyr Munuň özi Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde esasy baglanşdyryjy merkez, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde öňe çykaryp, ýurdumyzyň abraýyny hasam artdyrýar.

          Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan – Owganystan –Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, optiki süyümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistany we Owganystany özara birleşdirýän demir ýollar Türkmenistanyň sebitde hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatynda eýeleýän ornunyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

         Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýandygyny görkezýän ýene bir möhüm waka Türkmenistanyň hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça özara düşünşmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegidir. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň döwlet baştutanlary gatnaşdylar.

         Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda döredilen häzirki zaman ulag üstaşyr, kommunikasiýa we logistika ulgamlary halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilip, olar halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga, pugtalandyrmaga  ýardam berýän täsirli gural bolup durýar.

    “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça “Gzagystan-Türkmenistan-Eýran”demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi hem ýakyn Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine itergi berer.

      Türkmenistan taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr. Häzirki döwürde bu ugur döwrebap derejede dikeldilýär. Halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan taslamalar, Türkmenistanyň halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan syýasy garaýyşlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has hem beýgeldýär.   

Oguljahan GYLYJOWA

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 02 2026
Hazar döwlet goraghanasynyň biologik dürlüligi

Tutuşlygyna alanyňda Hazar deňziniň biologik dürlüligi ösümlikleriň we haýwanlaryň 1814 görnüşden ybaratdyr, deňziň bize degişli böleginde olaryň 900-den gowrak görnüşi bar we olar, biröýjükli suwotulordan başlap ýokary derejeli ösümliklere çenli we kökaýajyklylardan, foraminiferlerden, günjümeklerden sapajyklylardan (žgutiklilerden) guşlara hem süýdemdirjilere çenli 50 sany taksonomiki birliklerden ybaratdyr. Olaryň ep-esli bölegi endemiklerdir we bu babatda Hazar deňzi saýýarymyzyň (planetamyzyň) iň täsin, deňsiz-taýsyz suw ýataklarynyň biridir. Hazar döwlet goraghanasynyň (HDG) biologik dürlüligi özünde görnüşleriň has-da boldugy bilen tapawutlanýar, sebäbi onuň düzümine diňe bir deňziň suw giňişlikleri däl-de, eýsem çäginde ösümlikleriň hem ýerüsti haýwanlaryň baý toparlary mesgen tutan käbir süýji suw ýataklary we gury ýeriň ep-esli meýdanlary hem girýär. Agzalan toparlaryň görnüş düzümi hem dürli-dürli we olaryň ençemesi wajyp biologik resurslardyr. Goraghananyň oňurgaly haýwanlarynyň iň köp sanlysy 19 otrýada degişli bolan, 311 görnüşden ybarat guşlar klasydyr. Deňziň bize degişli bolan böleginiň kenarlarynda dünýäde iň möhümleriniň biri hasaplanylýan Merkezi-Aziýa we Gündogar-Aziýa göçüş ýollary birigýärler. HDG-niň meýdanynyň Lastaýaklylar otrýadynyň ýeke-täk wekili, endemik, kaspi düwleniniň (Phoca caspica) ýaşamagy üçin uly ähmiýeti bar. HDG-niň biodürlüligi: oňurgaly haýwanlar-429g.ş; balyklar-48g.ş; ýerde-suwda ýaşaýanlar-2g.ş; süýrenjiler-26g.ş; süýdemdirjiler-42g.ş. olaryň birnäçesi Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen. Goraghanada ösümlikleriň 660 görnüşi, şol sanda pes derejeli ösümlikleriň (kömelekler, mohlar, lişaýnikler) 30-a golaý görnüşi we 9 sany sebit endemiklerini hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen 5 görnüş hem goşanynda, gülli ösümlikleriň 528 görnüşi bar. Goraghananyň ýalpak suwly kenarýaka zolagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi, biomassasy ýüzlerçe müň tonna ýetýän baý iýmit binýadyny üpjün edýär we uçup geçýän we gyşlaýan suw-batgalyk hem suwda ýüzýän guşlaryň köp mukdaryny Hazar goraghanasyna çekýär. Şu günki günlerde HDG-niň diýseň ba biodürliligini aýap saklamak üçin, ilatyň aýry-aýry toparlary bilen bilelikde ýa-da olaryň gatnaşmagyna tebigy baýlyklary peýdalanmaga alternatiw çemeleşilmegini üpjün etmek maksady bilen şol baýlyklary dolandyrmagyň täze şekilleriniň döredilmegi zerurdyr. Seýrek we endemik haýwanlaryň ýaşaýan mesgenlerini guramaçylykly syýahatlaryň, ýörişleriň geçirilmegi, ýerli jemgyýet toparlaryna-soobşestwolara ol haýwanlary promysel üçin ulanylandakydan has köp girdeji berip biler. Biodürliligiň köp obýekteleriniň (haýwanlarynyň we ösümlikleriň) gözellik babatdaky gymmaty, olaryň iýmit hökmündäki bazar nyrhyndan has ýokarydyr.

Card image cap
Apr 03 2026
Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary.

Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary köpugurly bolup, olar esasan çäklendirilen giňişlik, hereketlilik we ýokary howpsuzlyk talaplary bilen kesgitlenilýär. Adaty jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryndan tapawutlylykda, gämilerde, otlularda we uçarlarda aşhana bölümini taslamak inženerçilik we tehnologik taýdan düýpli çemeleşmäni talap edýär. Ilkinji nobatda, bu ýerde her bir kwadrat metr meýdan tygşytly ulanylmalydyr, sebäbi ulag serişdesiniň göwrümi hemişe çäklidir. Şol sebäpli aşhana enjamlary kompakt, köp funksiýaly we ergonomik bolmalydyr; meselem, birnäçe amaly ýerine ýetirýän parokonwektomatlar ýa-da uniwersal aşhana maşynlary giňden ulanylýar. Şeýle hem, ulagyň hereket wagtynda ýüze çykýan yrgyldylar, sarsgynlar ýagdaýlary sebäpli ähli enjamlar we mebeller pola ýa-da diwarlara berkidilýär, tekjelerde bolsa gap-gaçlaryň gaçmazlygy üçin ýörite saklaýjy gyralar gurnalýar. Otlularda iýmit kärhanalaryny gurnamak we olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki zaman demir ýol ulgamynda ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda esasy aýratynlyk dar we uzyn wagon giňişliginde maksimal netijeliligi gazanmakdan ybaratdyr. Wagon-restoranlaryň gurluşynda ilki bilen "howpsuzlyk we durnuklylyk" prinsipi öňe sürülýär. Otlynyň hemişelik yrgyldysy we tormozlanma wagtyndaky sarsgynlary sebäpli, aşhana enjamlary — plitalar, sowadyjylar we iş stollary — diňe bir polatdan ýasalman, eýsem wagonynyň korpusyna berk berkidilýär. Aşhana gap-gaçlarynyň we taýýar önümleriň gozganmazlygy üçin magnitli tutawaçlar hem-de ýörite çykaryp bolýan saklaýjy bortikler ulanylýar. Şeýle-de, otlularda suw üpjünçiligi we elektrik energiýasy çäklidir, şol sebäpli energiýany tygşytlaýjy we suwy gaýtadan ulanmazdan arassalaýjy öňdebaryjy ulgamlar gurnalmalydyr.  Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa iýmitiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda hyzmatyň tizligini hem artdyrýar. Häzirki wagtda dünýä tejribesinde "Cook & Chill" (Bişir we sowat) tehnologiýasy giňden ulanylýar. Bu usulda iýmit ýerde, ýöriteleşdirilen uly aşhanalarda taýýarlanyp, şok görnüşinde sowadylýar we wagonlara ýüklenilýär. Wagonyň içinde bolsa innowasion "Sous-vide" ýa-da ýokary tizlikli induksiýa peçleri arkaly tagamyň witaminlerini we tagamyny ýitirmezden gysga wagtda gyzdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hem bu pudaga işjeň girýär: ýolagçylar indi öz orunlarynda oturan ýerinden mobil goşundylar ýa-da QR-kodlar arkaly menýuny görüp, onlaýn sargyt edip bilýärler. Bu bolsa wagon-restorandaky dykyzlygy azaldýar we ofisiantlaryň işini awtomatlaşdyrýar. Şeýle-de, ekologik innowasiýalar çäginde iýmit galyndylaryny gaýtadan işleýän biokompaktorlar we plastik gaplaryň deregine ulanylýan biodegradirlenýän (tebigatda çalt ereýän) gap-gaçlar ornaşdyrylýar. Akylly sowadyjy ulgamlar bolsa önümleriň saklanyş möhledine sanly gözegçilik edip, isripçiligiň öňüni alýar. Bularyň hemmesi demir ýol transportynda iýmitlenmegi diňe bir fiziki zerurlyk däl, eýsem sanly we ekologik taýdan arassa ýokary hilli hyzmata öwürýär. Tehnologik prosesleriň guralyşy hem ulagyň görnüşine we saparyň dowamlylygyna görä üýtgeýär. Uly ýolagçy gämilerinde doly önümçilik sikli ýola goýulýan bolsa, uçarlarda we gysga aralyga gatnaýan otlularda esasan taýýar iýmitleri gyzytmak (catering) usuly ulanylýar. Bu bolsa azyk önümleriniň saklanyşyny we logistikasyny has-da kynlaşdyrýar. Uzak möhletli saparlarda önümleriň hilini saklamak üçin ýörite sowadyjy kameralar we ammar bölümleri ulanylýar, bu ýerde temperaturanyň we çyglylygyň hemişelik gözegçilikde saklanmagy zerurdyr. Azyk gorlary sapara çykmazdan öň ýolagçylaryň sanyna we dowamlylygyna görä anyk hasaplanmalydyr, sebäbi hereket wagtynda goşmaça üpjünçilik mümkinçiligi çäklidir. Sanitariýa we epidemiologik howpsuzlyk ulag iýmit kärhanalarynyň iň möhüm tarapydyr. Ýapyk we dar giňişlikde islendik ýokanç keseliň ýa-da zäherlenmäniň ýüze çykmagy ekipažyň we ýolagçylaryň saglygyna, hatda ulagyň dolandyrylyşyna hem uly wehim salyp biler. Şonuň üçin suw üpjünçiligi üçin ýöriteleşdirilen süzgüçler, iýmit galyndylaryny ýygnamak we zyňmak üçin bolsa pressleýji hem-de dezinfeksiýa ediji ulgamlar ulanylýar. Deňiz ulagynda MARPOL ýaly halkara konwensiýalaryň talaplaryna laýyklykda, galyndylaryň dolandyrylyşy berk düzgünleşdirilendir. Ýangyn howpsuzlygy hem aýratyn üns merkezinde bolup, dar aşhanalarda açyk otuň ulanylmagyndan gaça durulýar we esasan elektrik ýa-da induksiýa plitalaryna ileri tutulýar. Netijede, ulag serişdelerinde iýmit hyzmatyny gurnamak diňe bir tagam taýýarlamak däl-de, eýsem çäklendirilen şertlerde logistikanyň, inženerçilik çözgütleriniň we hyzmat ediş medeniýetiniň sazlaşykly işini üpjün etmekdir. Ýolagçylaryň psihologik ýagdaýyna we rahatlygyna göni täsir edýän menýu köpdürlüligi, iýmitiň ýokumlylygy we hyzmat edişiň çaltlygy ulag kärhanasynyň bäsdeşlik ukybyny we abraýyny kesgitleýän esasy faktorlardyr. Bu ulgamda her bir detal — önümiň saklanyşyndan başlap, galyndynyň zyňylmagyna çenli — halkara standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmelidir.