dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Akylly tehnologiýanyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy

Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler strategik häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda, ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda bilim ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny bellemegimiz gerek. Ylym-bilimiň ösen döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty kesgitlenende, onuň innowasion ösüş derejesine seredilip baha berilýär. Bu günki gün dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny barha berkidýän Türkmenistan Watanymyzda-da ýurdy innowasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu iş­le­riň ­göz­ba­şyn­da ­bol­sa, ­il­kin­ji ­no­bat­da,­ Ar­ka­dag­ly­ Ser­da­ry­my­zyň­ belent maksatlarynyň bardygyny bellemelidiris.

Tehnologiýa - adamlaryň ulanmagy üçin adamlar tarapyndan döredilen sungat. “Tehnologiýa” sözüniň grek dilindäki teehne (ussatlyk, başarnyk, sungat) we logos (ylym) diýen 2 sözden emele gelendigini belläp geçeliň. Munuň esasynda, tehnologiýanyň adamyň başamyklary, işleri baradaky ylymdygyna göz ýetirmek mümkin. Tehnologiýa häzirki wagtda ylmy bilimleri we açyşlary öz içinde jemleýär. Tehnologiýanyň esasy funksiýalaryna zähmeti we serişdeleri tygşytlaýjylyk (metal galyndylarynda polady almak, kagyz galyndylarynda kagyzy almak), tebigaty gorap saklaýjylyk we informasion wezipeler degişlidir.

Akylly tehnologiýa - adamlar tarapyndan döredilen bolup, zerurlygy kesgitläp, içinde ýerleşdirilen fünksiýalar arkaly zerurlygy ýok edýän emeli akyl. Alymlaryň we oýlap tapyjylaryň “Kynlaşdyrma, aňsatlaşdyr!” diýen şygary esasynda bimäçe akylly tehnologiýalar döredildi.

Ýokarda bellenilip geçilenlere mysal hökmünde şulary görkezmek bolar, ilkinji akylly tehnologiýa hökmünde kalkulýatorly sagatlar döredilipdir. 1500-nji ýylda germaniýaly Peter Hanlein tehnologiýa hökmünde monjuk ýaly dakylýan ilkinji kiçi sagady oýlap tapypdyr. 1762-nji ýylda John Harrison jübi sagadyny döredipdir. Şol asyryň ahyrlarynda bolsa ele dakylýan sagatlar döräpdir, emma muny, esasan, aýallar bilezik hökmünde dakynypdyrlar. Ýöne 1904-nji ýylda uçarman Alberto Santos - Dumont uçarmanlyk edýän wagty elleriniň boş bolmagy üçin goşar sagadyny oýlap tapypdyr. Şonuň netijesinde, sagadyň esasy dakylýan ýeri adamyň goşary bolupdyr. Ilkinji akylly sagat bolsa 1975-nji ýylda Hamilton Watch tarapyndan döredilýär. Bu kalkulýatorly sagat ilkinji akylly tehnologiýa hökmünde taryha girdi. 1975-nji ýyldan biziň günlerimize çenli içinde birnäçe funksiýalar ýerleşdirilen akylly sagatlar we beýleki akylly tehnologiýalar döredildi.

Taýýarlan mugallym: Saryhanowa Suraý

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.