dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Sanly çözgüt – 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt – 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

  1. saglygy goraýyş
  2. ylym we bilim
  3. ulag – logistika
  4. senagat
  5. oba hojalyk
  6. hyzmatlar ulgamy
  7. robototehnika

Bäsleşigiň her bir ugry boýunça ýeňiji bolan taslamalar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyp, diplomlar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilerisiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel – 2021» atly halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.

Habarlaşmak üçin:
Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13

Beýleki bildirişler

Ähli bildirişler