dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Bagtyýarlygyň şuglasy

Dünýäde ynsan üçin iň gymmatly baýlyk saglyk. Ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň döredijilikli zähmeti ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Häzirki wagtda ynsan saglygyny goramakda beýik işler alnyp barylýar. Ynsan saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende göterýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durnukly ösüşiň belent sepgitlerini nazarlaýan Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmäge, milletiň saglygyny berkitmäge, gujurly, berk bedenli hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen işler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim, terbiýe almagy üçin ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda giň göwrümli we aýdyň maksatly, düýpli ylma esaslanýan beýik işler barha rowaçlanýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek işine hem aýratyn ähmiýetiň berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş, saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagynyň şol işleriň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp geçýär. Bu ulgamlaryň ygtybarly ösmegi üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleri hemişe berk gözegçilikde saklaýar.

Jan saglygynyň girewi arassaçylyk, kadaly iýmitlenmek, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmakdyr. Bu babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan işler rowaç gadamlara beslenýär. Eziz Diýarymyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanynda ýörite sport meýdançalarynyň gurulmagy sözüň doly manysynda sport ýurduna öwrülen Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir ýola beýan edýär. Elbetde, bedenterbiýe we sport ilatyň saglygyny berkitmek bilen bir hatarda adamyň şahsyýet hökmünde beden ösüşine, saglygyna, işjeňligine, kämilleşmegine uly täsir edýär. Bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň endige öwrülmegi, ilki bilen, adamda gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär. Bu bolsa şahsyýetiň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna getirýär. Şonuň üçin hem ýurdumyz ählitaraplaýyn ösüşler bilen rowaçlanýar.

Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmak üçin gurlup ulanylmaga berlen sport maksatly desgalar milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy hakyndaky aladasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy hakyndaky aladany hemişe ileri tutýandygynyň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkarar edilmegine mynasyp goşant goşmak ählimiziň borjumyzdyr. Ynsan saglygy bagtyýar durmuşymyzyň, ýagty geljegimiziň şuglasydyr, ýurdumyzyň baýlygydyr.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.