dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ilatyny bütin ýylyň dowamynda azyk önümleri bilen üpjün etmek.

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy” kabul edilmegi bilen ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berjaý etmekde döwletiň we hususy ulgamynyň sazlaşykly hyzmatdaşlygy dowam edýar. 2052-nji ýyla çenli ekologiýa taýdan arassa azyk harytlaryň önümçilikleriň importyň ornuny tutýan kiçi we orta kärhanalaryň herekete girizilmegi doly amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň azyk önümçiliginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmegiň asortimentlerini öwrenip täze tehnologiýalaryndan baş çykaryp ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge öz goşantlaryny goşmaklary esasy maksatlarydyr. “Arkadagly,Gahryman Serdarymyz bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagymyzyň biz ýaşlara uly mümkinçilikler döredýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp biz geljekde watana wepaly ylymly bilimli ýaşlar bolup ýetişeris. Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Nazarowa Aknur

Mugallym

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 07 2024
Bilim ulgamy ösýär, özgerýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri işleýär. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Geçirilýän sapaklar multimedia tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga çuňňur düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýänligini görmek bolýar. Şeýle-de bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär.