dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenbaşy şäher TNGIZT-Medeni sport merkezinde Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýeňiş gününe bagyşlanyp “Ýüreklerde adyňyz batly ýaşaýar” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede medeni sport merkeziniň işgärleri öz aýdym-sazly çykyşlary bilen tomaşaçylarda täsirli duýgulary galdyrdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Häzirki nesil türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň öňünde hemişe borçludyr.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 17 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watana bolan söýgini, agzybirligi we jebisligi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynam bildirdi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda: «Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär» diýip belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.