dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşalaryň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň “Eziz eneler, hormatly gelin-gyzlar! Siz durmuşymyzyň güllerisiňiz, toýlarymyzyň bezegisiňiz, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyrasagyňyz, Ata-babalarymyz türkmen zenanynyň mertebesini hemişe belent derejä göteripdirler” diýen parasatly sözlerinden ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, gelin-gyzlaryň arasynda millilik, edep-ekram, maşgala, nesil terbiýesi boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.