dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny adamzadyň ahlak we ruhy tämizligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Oraza baýramyna bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň Watanyň äleme ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynam bildirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda-da beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýynda parz hem-de wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agyz beklendi, tarawa namazlary okalyp, il-ýurduň asudalygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, döwrebap sanly tehnologiýalaryň, ekologik abadançylygyň we milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýan ajaýyp Arkadag şäherinde, bagtyýar durmuş gaýnap joşýan şäherlerimizde hem-de obalarymyzda Oraza baýramy ruhubelentlikde giňden garşy alynýar. Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda watansöýüjiligimiziň we ynsanperwerligimiziň, döwletliligimiziň, berkararlygymyzyň binýady bolan milli ýörelgelerimiziň, toýdur baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilip, jemgyýetimiziň has-da jebisleşýändigini hem-de galkynýandygyny tassyklaýar» diýip belledi. Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýap, berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, bagtyýarlyk, eziz Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlarynyň, beren agzaçar sadakalarynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanyň berkararlygy, agzybirligi hem-de abadançylygy üçin eden doga-dilegleriniň Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny diledi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.