dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Halkara Deňiz Gurmasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak meýilleşdirilýär

Halkara Deňiz Gurmasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu guramanyň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Halkara Deňiz Gurmasynyň 14 konwensiýasyna goşuldy we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy, şeýle hem amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Deňiz guramasynyň konwensiýalaryna goşulyşmak işini yzygiderli ösdürmek bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurduň gämi ulaglar we gatnawlar ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen guramanyň halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara Deňiz Guramasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak, guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem ýurduň Halkara Deňzi Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary  işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.