dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Prezident: Täze ýyl baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda oňa gatnaşan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygynyň, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş, öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny has-da üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlaryň gowy dynç almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglaryň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmelmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri täze 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we geljek ýylda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwleti ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.