dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geljek bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden hem-de döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda 2026-njy ýyly atlandyrmak  barada Mejlisiň Kararyny okady.

Mejlisiň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halk bilen birlikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 28 2026
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezýär

Düýn Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ol, aýratyn-da, bu işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Hususan-da, hanym Jannini ýurduň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamyndaky halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça ädýän işjeň ädimlerini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara standartlaryna ygrarlydygynyň we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda inklýuziw we ýokary hilli bilimi ösdürmekde, sanlaryşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde gazanan uly üstünliklerini belledi. Döwrebap we bäsleşige ukyply bilim ulgamyny ösdürmekde özgertmeleri yzygiderli ilerletmekde we strategik ugruny üpjün etmekde ýurduň ýolbaşçylygynyň tutýan orny aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mundan ozal, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Card image cap
Mar 26 2026
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Halkara olimpiada Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň we Pakistanyň jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda geçirilen açylyş dabarasy köp adamly boldy. Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjylara derse degişli 6 mesele hödürlendi, olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi. Eminler gazanylan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Daşary ýurtlularyň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary öňe saýlandylar. Bäsleşige Hytaýdan 432 talyp gatnaşyp, olar 101 baýrakly orna eýe boldular. Ders bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar.