dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmen döwlet uniwersitetinde hakaton bäsleşigi geçirildi

30-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Talyplaryň reýtingini bahalandyrmagyň sanly programma üpjünçiligi» atly hakaton bäsleşigi geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjy talyplar programma üpjünçiligi, ýagny WWW arhitektura, esasy web standartlary we tehnologiýalary, müşderi we serwer Web-tehnologiýalary, HTML dilinde dokumentiň we tegleriň strukturasy, parametrleri, CSS bilen işlemeginiň esaslary, Dinamiki web-programmalar üçin «jQuery-ny» ulanmak boýunça bäsleşdiler.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar «Ajax» tehnologiýany ulanmak, «JavaScript» programmirleme diliniň sintaksisi, Maglumat bazalary, programma üpjünçiliginiň müşderi bölegi we programma üpjünçiliginiň serwer bölegi, ýagny HTTP protokoly, serwer tarapynyň talaplary, DOM obýekt modeli, modullary işläp düzmek boýunça ukyplaryny görkezdiler.