dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryna, talyp ýaşlaryna Türkmenbaşy şäherindäki “Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine” gezelenç gurnaldy

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” diýip belleýär.         

          Hormatly Prezidentimiziň saýasynda   ýurdumyzda taryhymyza buýsanýan, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýär.          Aýdylanlardan ugur alyp talyplar üçin  Türkmenbaşy şäherindäki “Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine” gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň maksady talyp ýaşlara taryhy we medeni ýadygärlikleri öwretmek we olary gorap saklamakdan ybaratdyr. Talyp ýaşlar ýerli ülkäniň egin-eşikleri,ýaşaýyş öýleri, iş gurallary , ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşdylar.Gezelenjiň dowamynda  talyp ýaşlarda türkmen taýmylçylarynyň edermenligi aýratyn  uly täsir galdyrdy.

          Gahryman Arkadagymyz  “Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem türkmen taýmylçylarynyň Moskwa ýüzüşi barada buýsanç bilen belläp geçýär.Türkmenbaşy säherinden – Moskwa şäherine 100 günde meýilleşdirilen ýüzüşi, türkmen taýmylçylarymyz 93 günde bellenilen ýere ýetipdirler.

          Taýmyl-bu uzynlygy, takmynan,5-6 m, ini 70-80 sm, beýikligi 50 sm golaý, öňi we yzy çalaja ýokary galdyrylan, bir adam oturmaga niýetlenen, garagaçdan ýasalan, ýelken hem oturdyp bolýan kürekli gaýk.

          Ýönekeýje gaýyk bilen türkmen taýmylçylarynyň edermenligi ýaşlarda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi.

          Hormatly Prezidentimiziň saýasynda giň gözýetimli, häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanmagy başarýan, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen umumy bilim edaralarynyň dowamly ösdürilmegi amala aşyrylýar.

          Geljegimiz bolan ýaşlara uly umyt baglaýan Hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, tüýs ýürekden arzuw etýäris!

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar