Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginiň çäginde güýjenmesi 220/110/35/10 kW bolan täze elektrik bekedi açylyp işe girizildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Umumy 9 gektar meýdany eýeleýän elektrik bekediniň çäginde 125 megawoltamper bolan transformatorlaryň ikisi, iki sany 40 megawoltamper we iki sany 25 megawoltamper kuwwatlylygy bolan güýç transformatorlary, şeýle hem 220/110/35 kilowolt güýjenmesi bolan açyk paýlaýjy gurnamalaryň üçüsi hem-de 10 kilowoltlyk ýapyk paýlaýjy gurnama ýerleşýär.
Täze desganyň işine ak pata berlenden soňra, dabaranyň myhmanlary döwrebap elektrik bekedininiň enjamlaşdyrylyşy we giň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Täze desgada işlemek bagtyna eýe bolan hünärmenler myhmanlara bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Elektrik bekediniň awtomatik dolandyryş nokadynyň, beýleki desgalarynyň işi sazlaşykly ýola goýlup, ol ýerdäki paýlaýjy enjamlar elektrik energiýasyny welaýatyň Tejen, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň ilatyna, sarp edijilerine bökdençsiz we ygtybarly ibermäge giň mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Tejen elektrik bekediniň zerurlyklary üçin niýetlenen döwrebap awtoulaglar gowşuryldy.