dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Ýeňiş güni mynasybetli kabul edişlik guraldy

9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Bu çärä Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary Sergeý Agamýan we Antonina Prýançnikowa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew, diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de işewürlik jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, çäräniň çäginde uruş ýyllaryna degişli suratlaryň sergisi, şeýle hem frontda surat çeken suratkeş Wladimir Pawlotskiniň eserleriniň sergisi guraldy.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin gutlag sözünde türkmen halkynyň Beýik Ýeňşe goşan uly goşandyny nygtady. Çäräniň dowamynda Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan neşir edilen «Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň goşandy» atly ýygyndy hem tanyşdyryldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: