dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.Döwlet Baştutanymyz Ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna hem iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar.Türkmenistanyň Prezidenti medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.