dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda maglumat, kiber we internet howpsuzlygy ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň wekilleri ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de türgenleşik okuwlaryna türkmen tarapynyň hem gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: