dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanly ulag işgärleri 2-nji Geçelgäni ösdürmek boýunça CAREC-iň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) boýunça 2-nji Geçelgäni ösdürmek strategiýasy bilen baglanyşykly tehniki maslahat beriş mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Duşuşyk golaýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilip, onuň maksady degişli ugurdaky derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, çözgütleri tapmakdan, 2-nji Geçelgäni ösdürmek boýunça çäreleri kesgitlemekden hem-de CAREC sebitindäki ulag geçelgeleriniň umumy ykdysady we ulag taýdan ösüşine ýardam bermekde ybarat boldy.

Mejlisde alnyp barylan işler we gazanylan netijeler boýunça hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem CAREC-iň 2030-njy ýyla çenli Ulag strategiýasynyň çägindäki meýilnamalar gözden geçirildi.

CAREC-iň 2-nji Geçelgesi – giň torly ulag ugry bolup, Ol Gündogar Aziýany Kawkaz, Ortaýer deňziniň sebiti we Günorta Ýewropa bilen baglanyşdyrýar. Bu ugruň esasy maksady gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda täsirli we ygtybarly ulag gatnaşyklaryny üpjün etmek arkaly sebitde söwdanyň we ykdysady ösüşiň ösmegine ýardam bermekdir.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.