dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere «Ene mähri» adyny dakmak barada Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetiň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelere uly ornuň degişlidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany ýurtda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we hormatly ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: