dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Euronews»-iň ýolbaşçysy Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda «Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysy BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň bu iri halkara gurama bilen dialogy yzygiderli ösdürýändigini, onuň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny aýtdy.

Pedro Wargas Dawid «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite akademiýasynyň bardygyny belläp, bu ugurda türkmen žurnalistleri bilen özara tejribe alyşmaga, şeýle hem tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

«Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy saparynyň çäklerinde behişdi ahalteke bedewlerini synlandygyny, olaryň özünde uly täsir galdyrandygyny hem-de bu meşhur atlaryň hakyky muşdagy Gahryman Arkadagyň şeýle özboluşly bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge ägirt uly goşandynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görendigini we türkmen halkynyň döreden bu ajaýyp sungatyny, däp-dessurlaryny metbugatda giňden wagyz etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 26 2026
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Halkara olimpiada Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň we Pakistanyň jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda geçirilen açylyş dabarasy köp adamly boldy. Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjylara derse degişli 6 mesele hödürlendi, olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi. Eminler gazanylan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Daşary ýurtlularyň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary öňe saýlandylar. Bäsleşige Hytaýdan 432 talyp gatnaşyp, olar 101 baýrakly orna eýe boldular. Ders bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar.