Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň senatoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşlikde myhman ABŞ-da Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada hem aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşmak üçin mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.
Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler syýasy-diplomatik ulgamdaky gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygy barada aýtdylar. Bellenilişi ýaly, munuň özi durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ählumumy meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär.
Söwda-ykdysady ulgamyň iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigi barada aýdyldy we şunda "Türkmenistan --- ABŞ" işewürler geňeşiniň uly goşandy bellenildi. Şeýle-de özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmagyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.