dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmen wekiliýeti 17-nji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

  2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Seul şäherinde 17-nji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew gatnaşdy. Bu Foruma Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço The Ýol baştutanlyk etdi, bu barada Koreýa Respublkasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.  

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew forumda çykyş etmek bilen, döwletimiziň «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdarydygyny nygtamak bilen, mundan beýläk hem ykdysadyýet, ulag-logistika, ylym-bilim, lukmançylyk, syýahatçylyk, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak, önümçilik, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ýaly wajyp ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen ikinji duşuşygynyň oňyn netijelerine üns çekdiler.

Forumyň esasy mejlisi tamamlanandan soňra, “Üpjünçilik zynjyry”, “Daşky gurşaw”, “Sanlylaşdyrmak” we “Syýahatçylyk” atly mowzuklar boýunça 4 sany gibrid görnüşde sessiýalar geçirildi. Bu sessiýalara Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

17-nji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannamasy hem-de Forumyň Sekretariatynyň 2025-nji ýyl üçin Iş maksatnamasy kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda 17-nji “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wekiliýet ýolbaşçylaryna bu Forumyň işine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy formatdaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda wajyplygynyň has hem artýandygy barada belledi. Merkezi Aziýa sebitiniň giň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň bu sebitiň strategiki ähmiýetini ýokarlandyrýandygyny aýtmak bilen, Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygy barada nygtady. Sözüni dowam etmek bilen Prezident Ýun Sok Ýol türkmen, gazak we özbek wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna 2024-nji ýylyň iýun aýynda özüniň bu ýurtlara amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge koreý tarapynyň taýýardygy barada mälim etdi. Galyberse-de, ýokarda agzalan saparlaryň öňüsyrasynda yglan edilen “K-Silk ROAD” başlangyjynyň we Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji Sammitini geçirmek teklibiniň bu ýurtlaryň ýolbaşçylary tarapyndan goldaw tapandygy üçin öz hoşallygyny bildirdi.

Şeýle hem, Koreý Respublikasynyň Prezidenti türkmen tarapyna ýüzlenip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de hormatly Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.