dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi hem-de maslahat öz işine başlady

Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady.

Çäräniň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow we maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew gatnaşýarlar.

Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň arasynda iri halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýagny Çalyk Holdingiň müdiriýet başlygy Ahmet Çalyk, Rönesans Holdingiň başlygy Erman Iliçak, Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň başlygy Çon Wanju bar. Ýapon biznesi Tanaka Masazunyň (Mitsubishi Heavy Industries) we Ýasunori Sakamotonyň (Mitsubishi Corporation) üsti bilen wekilçilik edýär. Şeýle hem forumyň işine Aleksandr Matsinger (Gertner Group) we Kolin Nelson (LIAMOL TRADING GmbH) gatnaşýarlar.

Üç günlük maslahatyň maksatnamasy elektroenergetika, gurluşyk we senagat pudaklarynda täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagy, ähtnama we şertnamalara gol çekmeýi, seminarlary we tegelek stollary geçirmegi göz öňünde tutýar. Aýratyn üns Arkadagy akylly şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gönükdiriler.

Çäräniň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagyndaky soňky gazananlary we innowasion tehnologiýalary görkezýän sergi guraldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: