dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda milli bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy boýunça maslahat geçirildi.

Ministrligiň web-saýtynyň maglumatyna görä, maslahatda «Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu ulgam bilim edaralarynyň maglumatlaryny we hyzmatlaryny bitewi ekosistema integrirlemek maksadyny göz öňünde tutýar hem-de maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we bilim işleriniň netijeliligini artdyrmak üçin niýetlenendir.

Sanly Bilim ulgamy (www.bilim.tm) sanly maglumatlary dolandyrmak üçin merkezi platforma bolup, ähli bilim edaralarynyň we olaryň hyzmatlarynyň bitewi sanly ulgamda birleşdirilmegini üpjün edýär. Maslahatda hödürlenen maglumatlara laýyklykda, Merkezi maglumatlar merkezi, Bilim hyzmatlary platformasy, Habarlylyk ulgamy, Bitewi bilim standarty ýaly möhüm düzümler bellenildi.

Ulgam ähli bilim edaralarynyň web-saýtlaryny we sanly infrastrukturalaryny halkara ülňülerine laýyklykda bir standartda birikdirýär.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin sanly ulgamy ösdürmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 07 2024
Bilim ulgamy ösýär, özgerýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri işleýär. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Geçirilýän sapaklar multimedia tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga çuňňur düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýänligini görmek bolýar. Şeýle-de bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär.