dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen bu gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär:

– Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Sizi Russiýada ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdary hökmünde tanaýarlar. Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar