dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýygnakda TMÝG-nyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň myhmanlary, okuw mekdebiniň mugallymlary we beýleki myhmanlar çykyş edip, hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň many-mazmuny, onuň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

             Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz ýurdumyzyň ösüşleri bilen baglanyşykly buýsançly wakalaryň şaýady bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri halkymyzyň bähbidine, geljekki nesilleriň bagtyýarlygyna gönükdirilýär. Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabyny halkymyza sowgat etdi. Çuňňur paýhasa ýugrulan bu edebi-filosofik eser her bir okyjynyň köňlüni buýsanja besledi.  Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby beýik ömürde bitirilen işleriň, oý-pikirleriň beýanydyr. Bu edebi-filosofik eserde ýaşlar üçin, aslynda her birimiz üçin beýik ýörelge bar. Kitaby öwran-öwran okap, onuň mazmunyndan asylly ýol-ýörelgäni, durmuşda sapak edinmeli tejribeleri görýäris. Aslynda kitap türkmen halky üçin gymmatly hazynadyr. Kitaba belent sarpa goýýan halkymyz bu eseri ýüzüne sylýar, uly gyzyklanma bilen okaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda nesil terbiýesi hakynda hem, halkymyzyň şöhratly taryhy hakynda hem, beýik döwrümiziň ösüşleri hakynda hem giňişleýin beýan edilýär.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.