dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşygy boldy. Bu barada milli parlamentiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak we dialogyň medeniýetiniň ähmiýeti baradaky meselelere seredildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga we oňyn çözgütleri tapmaga ýakyndan ýardam berýändigi nygtaldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 12 2025
Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalyş ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, “Deňiz” myhmanhanasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalşyk ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Döwlet Gümrük gullugynyň we SPECA-nyň agza ýurtlarynyň degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň birinji gününde Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça maglumatlary we resminamalary alyş-çalyş etmek boýunça temalarda çykyşlar edildi. Hususan-da, häzirki wagtda Aktau-Baku aralygynda ýük gatnawlary boýunça maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýlandygy, geljekde bu ugurda Türkmenistanyň hem goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda maglumat alyş-çalyşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň UN/CEFACT standartlaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy. Okuw maslahaty iki gün dowam eder hem-de maslahatyň ahyrynda myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdyrylar.