dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Sanly ykdysadyýetiň kämil ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda toplumlaýyn ösdürilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär, okatmagyň döwrebap, has netijeli usullary ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Munuň şeýledigini 2023 ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna bardy. Bu sapar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Günorta-Günbatar Aziýada ýerleşýän dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň ikiçäk duşuşygynyň hem-de giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň geçirilmegi, ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekilen iki taraplaýyn resminamalar türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Türkmenistanyň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna 2011-nji ýylda amala aşyran resmi sapary, Bahreýniň Patyşasynyň 2019-njy ýylda Türkmenistana döwlet sapary iki taraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy. Daşary syýasat strategiýasynda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Taýýarlan: Goňurjaýewa Bahar Ilmämmedowna

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 07 2024
Bilim ulgamy ösýär, özgerýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri işleýär. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Geçirilýän sapaklar multimedia tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga çuňňur düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýänligini görmek bolýar. Şeýle-de bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär.